BABA ANNANOW 1934-nji yylyn 20-nji fewralynda Aşgabadyň golaýyndaky Garadamak obasynda dogulýar.Baba Annanow 1959-njy ýylda Daşkentiň A. N. Ostrowskiý adyndaky teatr-sungat institutyny tamamlaýar.Institutdan soň Baba Annanow biraz wagt Çärjew drama teatrynda soňra Aşgabat telewideniýesinde režisýor bolup işledi, kinoda uly bolmadyk rollarda oýnady. Onuň düşen ilkinji filminiň ady hem kybapdaşdy - “Ilkinji synag”. Baba ony üstünlikli tabşyrdy we tomaşaçylar ýaş aktýory belläp galdylar. Ýöne hakyky ählihalk söýgüsi aktýora “Aýgytly ädim” filminden soň geldi. Artyk Babalynyň roly ony ýyldyza öwürdi. Aslynda bu bolman hem bilerdi. Kinostudiýanyň çeperçilik soweti Babany tassyklamady: obaly daýhan ýigidiň keşbi üçin ol çakdanaşa görmegeý, başga ýönekeýräk birini tapmak gerek. Şonda režisýor Alty Garly aýgytly netijä gelýär: Artygy ýa Baba Annan oýnar ýa-da hiç kim oýnamaz. Filmiň döredilen hut birinji ýylynda ol Soýuzyň çar ýanynda 50 million tomaşaça ýetdi. Özboluşly rekord. Şol döwürde soýuz kinostudiýalarynda düşürilen lentalaryň köpüsine ýetdirmeýän bir derejedi bu.Kän garaşdyrman Baba kinematografiýa özüni berip ýetişen ussatdygyny bildirdi. Adamlary içgin tanamak, ir gelen durmuş kynçylyklary öz gahrymanlarynyň roluna düşünmekde uzak we gowgaly gözleglerden Babany halas eden bolsa gerek. Ol roly diňe ýerine ýetirmän, eýsem şol rol bilen ýaşaýardy, şol keşpde özüni döredýärdi. Oňa yzly-yzyna rol hödür edip ugradylar. Baba höwes bilen we köp surata düşdi, diňe dogduk Türkmenfilmde hem däl. Ony ähli orta aziýa respublikalaryndan, Orsýet we Gazagystandan, Azerbeýjan we Ukrainadan çagyrýardylar.Baba bu zatlar barada kän gürlemezdi, ol baýraklary däl-de baýraklar ony gözleýärdi. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyny aldy, Türkmenistanyň we SSSR-iň halk artisti diýen derejä ýetdi we birnäçe kinofestiwalarryň laureaty boldy. Ol ýadaman ýaltanman psihologiki we fiziki ýadawlyga garamazdan şol bir wagtyň özünde birnäçe filmde surata düşýärdi, ol kinosyz durmuşy göz öňüne hem getirip bilmeýärdi.Baba özi hem senari ýazyp hemem režisýor bolup çeper we dokumental filmler düşümäge başlaýar. Onuň senarileri boýunça we onuň gatnaşmagynda "Serdar”, “Zergär”, “Ussatlar”, “Şahyr”, “Seýdi”, “Mukamyň daragty” ýaly filmler döreýär. Mundan başga-da ol birnäçe powestdir hekaýalaryň hem-de senarialaryň awtorydyr.Baba Annanow 1991-nji ýylyn 27-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde aradan çykýar.

Теги других блогов: кино театр Baba Annanow